Alymlar 200 mln ýyl ozal ýaşan pterozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar

  • 11.07.2025 11:17
  • 4.4k+

ABŞ-nyň Smitsonow institutynyň işgärleri Petrifaýd-Forest milli seýilgähinde (Arizona ştaty)  209 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen pterozawrlaryň näbelli görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar. Edaranyň metbugat gullugynyň habaryna görä, tapyndy giçki trias döwrüne degişlidir.

Esasy böleklerinden biri - eňeginiň deňiz guşunyň ululygyndaky bölegi. Alymlar dişleriniň kütelen uçlaryna salgylanyp, pterozawryň teňňesi sowuda meňzeýän ýerli balyklar bilen iýmitlenendigini çak etdiler. Täze görnüş Eotephradactylus mcintireae diýip atlandyryldy.
Takmynan 200 million ýyl ozal Ýeriň howasy häzirki zaman yklymlarynyň hemmesini diýen ýaly birleşdirýän Pangei superyklymynyň bölünmegi bilen baglanyşykly güýçli wulkan atylmasy sebäpli düýpgöter üýtgäp başlapdyr. Bu ýagdaý gury ýerdäki haýwanlaryň görnüşleriniň takmynan 75% -iniň ýok bolmagyna getiripdir we ilkinji dinozawrlaryň, pterozawrlaryň, krokodilleriň we mezozoý haýwanat dünýäsiniň beýleki wekilleriniň ýaýramagyna täsirini ýetiripdir. Paleontolog Ben Kligmanyň sözlerine görä "Şular ýaly galyndylar bu haýwanlaryň hemmesiniň bilelikde ýaşandygyny anyklamaga mümkinçilik berýär". Bu sebitden süňk plasty 2011-nji ýylda geolog Keý Berensmeýeriň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa wagtynda tapyldy. Şonda süňkler, dişler, balyk teňňesi we nejasat  ýaly 1200 töweregi galyndy tapylypdy.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......