Redmi 15C we Poco C85 resmi tanyşdyrylmazdan öň suratlary peýda boldy

  • 11.07.2025 10:53
  • 5k+

Xiaomi arzan bahaly täze Redmi 15C we Poco C85 smartfonlaryny çykarmaga taýýarlanýar. Olaryň suratlary sertifikatlaşdyrylýan wagty internetde peýda boldy. Şeýle-de resmi ýaly görünýän şekil suratlary hem ýaýradyldy.

Iki enjam hem Tailandyň NBTC bazasynda ýüze çykaryldy: Redmi 15C – 25078RA3EA belgili, Poco C85 bolsa – 25078PC3EG belgili. Belgileriniň birmeňzeşräk bolmagy olaryň bilelikde satuwa çykaryljakdygyny aňladyp biler.
Redmi 15C-niň suratlarynda onuň arka panelinde el ýazuwyna meňzeş ýazgynyň bardygyny görmek bolýar. Smartfon dört dürli reňkde hödürlener: Moonlight Blue (mawy), Twilight Orange (narynç), Midnight Black (gara) we ýaşyl. Ilkinji maglumatlara görä, smartfon 4 GB operatiw ýat we 128 GB hemişelik ýat bilen üpjün ediler.
FCC-niň sertifikatlaşdyrma maglumatlaryna görä, enjam 6,9 dýuýmlyk HD+ LCD displeý, 6000 mA·sag sygymly batareýa we 33 Wt kuwwatly tiz zarýad beriş mümkinçiliklerine eýe bolar. Iki modeliň hem diňe 4G torlaryny goldamagyna we Xiaomi-niň HyperOS interfeýsi (Android 15 esasly) bilen çykmagyna garaşylýar.
Model kodlarynyň «2507» bilen başlamagy smartfonlaryň iýul aýynda çykarylmak ähtimallygyny görkezýär, ýöne Xiaomi hemişe bu prinsipe görä hereket etmeýär.


18.01.2026 10:31
5.9k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

19.12.2025 15:11
5.4k+

Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar...

17.12.2025 11:06
4k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...