Parižde 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Senada suwa düşmäge rugsat berdiler

  • 07.07.2025 10:59
  • 8k+

Fransiýanyň paýtagtynda 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Sena derýasynda suwa düşmäge resmi taýdan rugsat berildi. 5-nji iýuldan başlap parižliler we şäheriň myhmanlary üç sany ýörite enjamlaşdyrylan ýerde suwa düşüp bilerler diýip, France 24 habar berýär.

Zolaklar mugt we hersi 150-300 adama niýetlenendir. Olarda eşik çalşylýan kabinalar, duşlar, şezlonglar we ležaklar bar. Halas edijiler howpsuzlygy üpjün edýärler. Bellenen zolaklaryň daşynda suwa düşmek gadagandyr we düzgün bozmalar üçin jerime salynýar.
Parižiň hökümeti her gün suwuň hilini barlajakdyklaryny aýtdy.

"Biz iki sany bakteriýa: içege taýajygyna we enterokokklara gözegçilik edýäris, olaryň biriniň derejesi bellenen çäkden on esse, beýlekisi bolsa 25 esse pes" -diýip, Il-de-Frans sebitiniň prefektory Mark Giýom mälim etdi.

Reuters habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, suwa düşmek üçin  Senanyň açylmagy 2024-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk döwrüniň esasy netijelerinden biri hasaplanýar. Hökümet suwy arassalamak üçin takmynan 1,4 milliard ýewro maýa goýdy. Ýaryşlar wagtynda metbugat käbir türgenleriň suwda ýüzenden soň zäherlenendigini habar berdi, ýöne kesellemeleriň suw bilen baglydygy tassyk bolmady.
Sen-Lui adasyndaky zolaklaryň birine baryp gören Parižiň häkimi Ann Idalgo: "Senada suwa düşüp ýören adamlary görmek meniň çagalyk arzuwymdy. Bu ýerde hemmeleriň nähili hoşaldygyna bakyň-a" -diýip belledi.

"Munuň mümkindigini şübhe bildirýänlere subut edip bilendigimize diýseň begenýäris. Bu gaty çylşyrymly we uly taslamady" - diýip, häkimiň Senany arassalamak işine gözegçilik edýän orunbasary Pýer Rabadan sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......