Türkmenistan Ispaniýada geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji halkara maslahata gatnaşýar

  • 03.07.2025 09:32
  • 2.6k+

Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 30-njy iýundan 3-nji iýul aralygynda Sewilýa şäherinde geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärä döwlet we hökümet baştutanlary, BMG-niň Baş sekretary, Bütindünýä bankynyň, Halkara walýuta gaznasynyň, BSG hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar.
M.Astanagulow öz çykyşynda maslahatyň möhüm wakalarynyň biriniň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahatyň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan ösüşi maliýeleşdirmäge täzelenen ählumumy çemeleşmäniň bolup durýandygyny belledi. Ministr Jemleýji resminamada görkezilen maslahatlara, şol sanda Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin Hereketleriň meýilnamasyny öz içine almak bilen degişli ösüş maksatnamalaryna we strategiýalaryna Türkmenistanyň ygrarly boljakdygyny belledi.

Çäräniň dowamynda maslahatyň dünýä, milli we ýerli derejelerde maliýe ulgamlaryny özgertmek, şol sanda halkara maliýe arhitekturasynyň üýtgemegine goldaw bermek we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde maýa goýumlarynyň çekilmegine päsgel berýän böwetleri aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýändigi bellenildi.
Şeýle hem, ählumumy ykdysady özgerişler şertlerinde durnukly ulag ulgamlarynyň ösdürilmeginiň, maddy-tehniki arabaglanyşygyň we dünýä derejesinde ygtybarly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Mundan başga-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň durnukly ösüşi maliýeleşdirmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we bu döwletlerde ýüze çykýan meseleleri çözmekde netijeli strategiýalary kesgitlemek ýaly meseleler boýunça dialogy ösdürmek üçin möhüm platforma hökmünde hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:42
1.7k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......