Hytaýda deňze barýan ýoly 560 km gysgaltjak «superkanal» gurulýar

  • 30.06.2025 10:49
  • 10k+

Hytaýyň günortasyndaky Guansi-Çžuan awtonom sebitinde iki ýyl mundan ozal gurlup başlanan Pinlu kanalynyň gurluşygy dowam edýär. Bu taslama içerki suwlary deňiz bilen birleşdirýän ilkinji iri suw ýoly bolar.

Uzynlygy 134,2 kilometre barabar bolan kanal Hençžou şäherindäki Siszin suw howdanyndan başlap, Sinçžou şäheriniň Linşan etrabynyň Lou obasynda tamamlanýar. Gämiler bu ýerden Sin derýasy arkaly Tonkin aýlagyna çykyp bilerler.
Kanal içerki suw ýollarynyň I derejeli halkara ülňülerine laýyklykda gurulýar we 5000 tonna çenli ýük göterýän gämileri kabul edip biler. Häzirki wagtda Pinlunyň üç möhüm nokadynda beketleriň (şlýuz) gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Gurluşygyň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Ulanyşa girizilensoň, bu kanal Hytaýyň günorta-günbataryndan deňze çenli aralygy 560 kilometrden gowrak gysgaldar we ASEAN ýurtlarynyň bazarlaryna alyp barýan iň gysga içerki ugur bolar. «Superkanal» diýlip atlandyrylýan täze ugur sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we halkara söwdany ösdürmek üçin möhüm logistiki infrastruktura hökmünde kabul edilýär.
Şol bir wagtyň özünde, ýurtda beýleki suw taslamalary boýunça hem işler alnyp barylýar: ýakyn wagtda Hançžou şäherinde Uly Pekin-Hançžou kanalynyň ikinji tapgyry ulanyşa açyldy. Şeýle hem täze kanallaryň gurluşygy boýunça tehniki meseleler öwrenilýär. Olaryň arasynda Çžeszýan-Szýansi, Szýansi-Guandun we Hunan-Guansi kanallary bar.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....