Türkmenistanda göreldeli zähmet çeken başlangyç synp mugallymlary sylaglandy

  • 27.06.2025 12:13
  • 12k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdeplerinde göreldeli zähmet çeken bilim işgärleriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Dabarada Türkmenistanyň bilim ministri ýurdumyzdaky bilim ojaklarynda göreldeli zähmet çeken başlangyç synp mugallymlaryna çeken asylly zähmeti üçin hoşallyk bildirdi we başlangyç bilimiň umumy bilimdäki hem-de çaganyň geljekki durmuşyndaky tutýan ähmiýetli orny barada aýratyn belledi. Dabaranyň barşynda mugallymlaryň köp ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli zähmeti göz öňünde tutulyp, olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Hormat haty” we owadan gül desseleri hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Soňra Türkmenistanyň bilim ministri başlangyç bilimde öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmek we ýaýratmak maksady bilen geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek barada anyk pikiri orta atdy we “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň baş redaktoryna žurnalyň üsti bilen öňdebaryjy iş tejribeleri ýaýratmak barada degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, dabara “Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň redaksiýasynda guralan pedagogik pikir alyşmalar bilen dowam etdirildi.
Mugallymlar žurnalyň sahypalarynda bilim berlişiniň döwrebap meselelerine bagyşlanan makalalar bilen çykyşlaryny dowam etjekdigini aýtdylar.


düýn 18:58
2.4k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......