Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip, Türkmenistana dolanyp geldiler

  • 25.06.2025 08:35
  • 9.5k+

24-nji iýunda yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler.

Şu ýyl Türkmenistandan Mekgä we Medinä zyýarata giden ildeşlerimiziň umumy sany 3 müňe golaýlaýar. Olar sekiz topara bölünip, kesgitlenen tertipnama boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda boldular.
Mekgedäki keramatly Käbede hem-de Medinedäki Muhammet pygamberiň metjidinde haj ybadatlaryny berjaý eden watandaşlarymyzyň uly topary döredilen mümkinçilikler, döwlet derejesinde berlen ýardamlar üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdi.
Kalbynda ýagşy umyt-arzuwlary beslän ildeşlerimiz keramatly toprakda bolup, haj parzynyň ähli şertlerini amal etdiler. Olaryň bu ugurda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....