Redmi smartfonlar we konsollar üçin oýun geýmpadyny hödürledi

  • 24.06.2025 18:46
  • 3.8k+

Redmi kompaniýasy mobil oýunlaryna gönükdirilen hususy oýun kontrollerini çykarmaga taýýarlanýar. Bu barada Xiaomi-niň önüm menejeri Bao So Li salgylanyp, Gizmochina habar berýär.

Täze gurluş Bluetooth birikmesini goldaýar, bu hem ony diňe bir smartfonlar we planşetler däl, eýsem oýun konsollary bilen hem ulanmaga mümkinçilik berýär.
Hödürlenen wideoda geýmpadyň Redmi K Pad planşeti bilen Black Myth: Wukong oýnunda işleýşi görkezilýär. Kontroller dolandyryş režimini, stikleriň duýgurlygyny, düwmeleri, wibrasiýa derejesini, ýagtylyk effektlerini sazlamak interfeýsi bilen üpjün edildi. Şeýle-de, programma üpjünçiligini “howadan” täzelemek we sazlamalary ýatyrmak mümkinçiligi bar.
Geýmpad ak-çal reňk gammasynda ýerine ýetirildi we ol ykjam gurluşlara ýörite berkidijiler bilen berkidilýär. Kontrolleriň her ýarymy aýratyn işläp bilýär. Häzirlikçe diňe simsiz aragatnaşyk tassyklandy, ýöne gizlin USB porty hem bolup biler.
Döredijiler bu gurluşyň Xbox bilen resmi taýdan gabat geljekdigi ýa-da ýokdugy barada maglumat bermeýär.
Baha we reliziň takyk senesi hem belli däl. Kontrolleriň tanyşdyrylyşynyň ýakyn hepdelerde Redmi K Pad planşeti bilen bilelikde bolmagyna garaşylýar.


18.01.2026 10:31
5.9k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

19.12.2025 15:11
5.4k+

Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar...

17.12.2025 11:06
4k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...