Ed Şiranyň täze “Drive” aýdymy çykdy. Ol “Formula-1” baradaky film üçin saundtrek boldy

  • 23.06.2025 16:17
  • 4.3k+

Ed Şiran “Formula-1” (F1) sport dramasy üçin saundtrek bolan “Drive” aýdymyny çykardy. Aýdym eýýäm aýdym-saz platformalarynda elýeterli.

Ol premýerasy 27-nji iýunda ABŞ-da boljak film üçin saundtrekleriň resmi albomyna girer. Filmde baş keşbi Bred Pitt ýerine ýetirdi. Ol ýaş sürüji Joşua Pirsiň halypasy bolan öňki ýaryşa gatnaşyjy Sonni Heýsi oýnady.
Pittiň aýtmagyna görä, filme taýýarlyk üçin ol aktýor Demson Idris bilen bilelikde iki ýylda ýaryş awtomobillerinde 10 müň km töweregi ýol geçdi.
Häzirki wagtda Ed Şiran täze Play albomynyň üstünde işleýär. Onuň relizi 12-nji sentýabra meýilleşdirilýär. Bu albom onuň matematiki nyşanlar boýunça atlandyrylan öňki “Plus”, “Multiply”, “Divide”, “Subtract” we “Equals” albomlarynyň tapgyryny tamamlar. Täze taslama sazandada 18 ýaşda dörän pikirden ylham aldy we “Play”, “Pause”, “Fast Forward”, “Rewind” we “Stop” bölümlerini öz içine alar.
“Play” – bu durmuşymyň iň garaňky döwrüne göni jogap hökmünde döredilen albom. Bu ýagdaýdan çykmak bilen, men diňe şatlyk döretmek hem-de baran ýurtlarymyň medeniýetini öwrenmek isledim” – diýip, aýdymçy aýtdy. 


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....