Hytaý inženerleri ilkinji gezek habary buzuň içinde kodlamagy başardy

  • 23.06.2025 16:10
  • 5.8k+

Pekiniň politehniki institutynyň inženerleri Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki uniwersitetlerinden kärdeşleri bilen bilelikde maglumatlary saklamagyň we ibermegiň usulyny oýlap tapdy. Olara howa köpürjiklerini ulanyp, buzuň içinde maglumat ýazmak başartdy. Bu suwuň doňmagynyň tizligini dolandyrmak bilen mümkin boldy.

Bu pikir üçin müňlerçe ýyllap buzluklarda saklanýan tebigy howa köpürjikleri esas bolup hyzmat etdi. Alymlar maglumatlary kodlamak üçin bu ýörelgeden peýdalanmak kararyna geldi. Olar köpürjikleriň şekiliniň we dykyzlygynyň suwuň doňuş tizligine baglydygyny anyklady: suw haýal doňanda köpürjikler selçeň we süýri, çalt doňanda dykyz we tegelek bolýar. Bu hem olaryň emele gelşini dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Tejribe Hele-Şou diýlip atlandyrylýan ýaçeýkada – inçe konteýnerde geçirildi. Onda suw temperaturany takyk sazlamak arkaly dolandyrylýan sowadyjy plastinanyň kömegi bilen doňduryldy. Buzuň emele gelşi 1,5 mkm durulykdaky kameralar arkaly ýazga alyndy. Gözegçilik 200 sagatdan gowrak wagt aldy.
Netijede, ylmy gözlegçiler bäş sany köpürjik gatlagyny döretdi. Olaryň her biri “bit” maglumatdy. Bu tehnologiýanyň kömegi bilen kodlamagyň üç shemasyny – iki belgili, üç belgili ulgamy we Morze elipbiýini döretmek başartdy. Gatlaklar çal reňkiň derejesi boýunça okaldy: köpürjikler – “1”, dury buz – “0” hökmünde. Netijede, latyn harplary we 0-dan 32-ä çenli sanlar üstünlikli “ýazyldy” we okaldy.
Awtorlar şeýle tehnologiýanyň adatdan daşary şertlerde, mysal üçin, Arktikada ýa-da Marsda adaty maglumat göterijileriň laýyk gelmeýän wagty ulanylyp bilinjekdigini belleýär. Ýöne amaly ulanylyş üçin köpürjikleriň durnuklylygyny we saklanyş sygymyny ýokarlandyrmak gerek.


düýn 16:56
1.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....