Parižiň golaýyndaky orta asyra degişli gala 1,59 million ýewro satylýar

  • 21.06.2025 18:23
  • 12k+

Fransiýada XIII asyrda gurlan Fief des Époisses galasy satuwa çykaryldy. Gala üçin 1 590 000 ýewro soralýar diýip, Medievalists.net habar berýär.

Gala Parižiň 60 km günorta-gündogarynda, Il-de-Fransiýa sebitiniň Sena we Marna departamentiniň Bombon kommunasynda ýerleşýär. Bu berkidilen mülk hakda ilkinji gezek 1285-nji ýylda agzalýar. Şol döwürde bu gala golaýdaky Melýon şäheriniň wikonty Žana degişli eken.
Mülk çemenlikleriň we lipalyklaryň arasynda dört gektar meýdany eýeleýär. Suwdan doldurylan garymly galanyň binagärçilik durky gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr. Époisses ady köne fransuz espesse-sinden gelip çykýar we gür tokaý diýmegi aňladýar, belki-de, bu at bir wagtlar ony gür tokaýlygyň gurşap alandygy üçin dakylandyr.


Toplumda iki inedördül diň we XIII asyryň binalary bilen gurşalan esasy howly bar. Howla girmek üçin köpri bilen agaç derwezeden ýa-da gözara deşikli garawul jaýynyň içi bilen geçmeli. Bu ýerde ammar, kepderi ketegi we burgundy daş polly, fransuz potolokly, reňkli aýna penjireli we uly diwarpeçli ýaşaýyş jaýy bar. Kabul ediş otaglarynyň biri gümmezli we iki hatar aýnaly bolup, ol aşhana we işgärler üçin otagyna eltýär.
Galanyň üç ganatyna ýerleşdirilen 40 töweregi ýatylýan otagy bar. Günbatar ganatynyň bir bölegi dikeldiş işleriniň geçirilmegine mätäç, galan binalarynyň ýagdaýy örän gowy. Uzynlygy 45 metre golaý bolan ammar seminar geçirilýän otag we ýapyk howuz görnüşinde enjamlaşdyrylan.
Orta asyryň kepderi ketegi ýadygärlik hasaplanýar. Bir wagtlar oňa aýlanýan diňiň we merdiwanlaryň üsti bilen barylýardy, onda müňden gowrak terrakota kepderi höwürtgesi bardy. Orta asyrlarda kepderileriň sany eýesiniň derejesini alamatlandyrýardy, şonuň üçin bu galanyň abraýyny hem nygtaýar.



16.04.2026 11:08
2.6k+

Selin Dionyň Pariždäki konsertleri ýurda 1,2 mlrd ýewro girdeji getirip biler

Selin Dionyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Parižde geçirjek 16 konsertden ybarat bolan täze döredijilik sapary şäheriň syýahatçylyk pudagyna güýçli ykdysady itergi berer diýlip garaşylýar. Ekspertleriň baha......

31.03.2026 13:58
3.5k+

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde Elzanyň buzly köşgi bilen Erendell şäheri guruldy

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde 2 milliard ýewrolyk giň gerimli üýtgedip gurmak işleriniň bir bölegi bolan «Doňan ýüregiň dünýäsi» atly täze tematik zolak açyldy. Bu barada «Associated Press» agentligi habar......

02.03.2026 12:19
4.2k+

Suratkeş Pariždäki Pon-Nýof köprüsini «gowaga» öwürýär

Fransuz suratkeş JR Parižiň Pon-Nýof köprüsini ses effektlerini we goşmaça hakykat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly pyýada gezelenç edilýän «gowaga» öwürer. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär. Artnet...

24.02.2026 10:08
2k+

Fransiýa bir ýylda 102 million syýahatçy kabul edip, öz rekordyny täzeledi

Fransiýa 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän ýurdy derejesini saklap galdy we syýahatçylaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Resmi maglumatlara görä, ýurt bir ýylda 102 million adam kabul edipdir...