Türkmenistanda “Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasy neşir edildi

  • 20.06.2025 20:00
  • 2.6k+

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy “Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasyny neşir etdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň awtorlygynda ýazylan bu gollanmada makalalaryň žanrlar toparlaryna gysgaça düşündiriş, interwýu alnyşy, makalanyň ýazylyşy, žurnalistik tekstiň redaktirlenişi, gazet neşirleriniň žanrlary we başgalar barada maglumatlar berilýär.
Gollanmada “Žurnalistika hakynda söz”, “Tejribeli žurnalistlerimizden ýaşlara peýdaly maslahatlar” bölümleri, şeýle-de awtoryň metbugat çykyşlarynyň onlarçasy žanr toparlary boýunça bölünip berilýär.
Bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary, mugallymlary, şeýle hem ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän ýaş žurnalistler üçin peýdaly bolar.
Belläp geçsek, köpýyllyk žurnalistik we mugallymçylyk iş tejribesine eýe bolan A.Mämmedow “Žurnalistikanyň döredijilik işiniň esaslary”, “Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti”,  “Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti” hem-de “Mahabatyň esaslary” ýaly okuw kitaplarynyň hem awtorydyr.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......