Ýaponiýanyň ilçisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU baryp gördi we "Nippon” gaznasynyň kitaplaryny sowgat berdi

  • 20.06.2025 19:15
  • 4k+

17-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroşi Sasaki bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda ilçi Hiroşi Sasaki uniwersitetiň ýolbaşçylaryna “Nippon” gaznasynyň Ýaponiýanyň ykdysadyýeti, medeniýeti we edebiýaty baradaky iňlis dilinde ýazylan tanyşdyryş kitaplaryň onlarçasyny dabaraly ýagdaýda sowgat hökmünde gowşurdy. Ýaponiýa barada gyzykly maglumatlary özünde jemleýän bu kitaplar uniwersitetiň kitaphanasynda we okalga zalynda ýerleşdirildi.
Uniwersitetiň rektory sowgat berlen kitaplar üçin ilçä köp minnetdarlyk bildirip, talyplaryň bu kitaplary gyzyklanma bilen okajakdyklaryny belledi. Duşuşygyň dowamynda Hiroşi Sasaki uniwersitetiň kitaphanasy we okalga zallary bilen ýakyndan tanyşdy.
Şeýle hem ilçi uniwersitetiň nebit we gaz fakultetinde ýerleşýän Geologiýa muzeýine we DRILL SIM-5000 buraw türgenleşik enjamly tejribehanasyna baryp gördi.


13.06.2026 16:56
2.2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....