Eşegiň derisinde sakyrtga garşy täsirli serişde tapyldy

  • 20.06.2025 18:35
  • 10k+

Amherstdäki Massaçusets uniwersitetiniň amerikan alymlary eşekleriň derisiniň ýag mäzleri tarapyndan bölünip çykarylýan (E)-2 oktenal birleşmesiniň sakyrtgalary netijeli kowýandygyny anykladylar. Laboratoriýa synaglarynyň netijesi bu maddanyň täsiriniň pes däldigini, käbir ýagdaýlarda meşhur himiki täsir ediji dietiltoluamiddenem (DEET) has ýokarydygyny görkezdi.

Soňky ýyllarda sakyrtgalaryň işjeňliginiň ýokarlanmagy alada goýýar, sebäbi olaryň dişlemegi Laýma keseline we ýokançly sakyrtga ensefalitine sebäp bolup biler. Adamlaryň, köplenç, açyk howada bolýan wagty, ýagny maý-iýun aýlarynda sakyrtgalaryň işjeňligi ýokary derejä ýetýär. Şonda, adatça, goranmak üçin düzüminde DEET-i bolan  akarisidler we repellentler ulanylýar.
Işiň awtorlary (E)-2 oktenal esasynda ekologiýa taýdan arassa gorag serişdesini döretmek üçin mundan beýläkde barlaglary dowam etmegiň zerurdygyny bellediler. Bu maksat bilen, olar Gearjump Technologies kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Geljekde bu madda Ixodes scapularis sakyrtgalarynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin açyk ýerleri zyýansyzlandyrmak üçin ulanylyp bilner.


düýn 23:37
2.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......