Alymlar tigriň nädip oýlanyp tapylandygyny düşündirdiler

  • 20.06.2025 18:14
  • 6.9k+

Barlagçylar irki adamlaryň ata-babalarynyň ýerde ýatan agaç pürsleri ulanyp, agyr zatlary ondan-oňa geçirip başlandyklaryny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu usulyň tigriň döremegine nädip sebäp bolandygy düşnüksiz bolmagynda galýardy.

Jorjiýanyň Tehnologiýalar institutynyň professory Kaý Jeýms tigriň oýlap tapylmagynyň, esasan, ýapyk ýerlerde ýükleri ondan-oňa daşamagyň zerurlygy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Ol Science Alert üçin ýazan makalasynda gurluşyň ewolýusiýasynyň tapgyrlaryny täzeden dikeltmäge eden synanyşygyny beýan etdi, netijede iki tigirli ulag - ýönekeý togalanýan silindr emele geldi. Alymlaryň pikirine görä, bu silindr kesilen agaç nawdy.
Arheologik tapyndylar bu ýagdaýy düşündirdi. 2010-njy ýyllarda Wengriýada, takmynan, 6000 ýyl töweregi ýaşly dört tigirli arabalaryň 150 töweregi kiçijik heýkeljigi tapyldy, bu tigriň ýüze çykyynyň iň ilkinji subutnamalarydyr.
Inžener agaç pürsleri dar magdan geçelgelerinde togalap äkitmegiň kyndygyny düşündirýär. Şonuň üçin adamlar dizaýny üýtgedip başlan bolsalar gerek. Ilki-ilkiler sütünleri saklamak üçin arabanyň aşagyna ýarym tegelek "höwürtgeleri" dakypdyrlar, soňra bolsa sütünleriň özüni üýtgedipdirler.
"Inženerçilik pikirleniş prosesi"-niň kompýuter modelirlemesi silindriň arabanyň aşagyna oturdylmagy üçin oýulandygyny, soň bolsa sütüniň ortasynyň diametriniň inçeldilendigini, megerem, şeýtmek bilen päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň  aňsatlaşdyrylandygyny görkezdi. Alymlar inçelmegiň könelmek sebäpli hem bolup biljekdigini aradan aýyrmaýarlar.
Netijede, adamlar bu işi aňsatlaşdyrmak arkaly "mehaniki artykmaçlyga" eýe bolmaga synanyşypdyrlar. Inženeriň pikirine görä, tigir birden peýda bolmandyr-da, kem-kemden kämilleşmegiň netijesidir.


şu gün 10:53
895

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....