Arahnologlar örümçi möýleriň aw awlaýyş usulyna haýran galdylar. Olar  zäher bilen däl-de, ýüpek bilen öldürýärler

  • 20.06.2025 18:09
  • 6k+

Barlagçylar topary örümçi möýleriň (Uloborus plumipes) öz awlaryny adaty bolmadyk usul bilen öldürýändigini anykladylar. Olar köp möýleriň edişi ýaly, çakmak arkaly zäher goýbermeýärler, tersine, pidalarynyň daşyny ýüpek bilen torlaýarlar we sapaklaryny agzyndan çykýan zäherli tüýkülige ezýärler diýip Phys.org ýazýar.

Bu aw usuly baradaky çaklama takmynan ýüz ýyl ozal öňe sürlüpdi: tüýli aýakly örümçiler dokan kereplerine zäher çalýandyrlar diýlip çaklanylýardy. Ylmy makalanyň awtorlary muny barlamak kararyna gelip, ýabany tebigata çykdylar we laboratoriýa şertlerinde soňraky synaglary geçirmek üçin bu görnüşiň birnäçe wekilini tutdular.
Mikroskop astynda öwrenilýän Uloborus plumipes-lerde möýleriň köpüsine mahsus kelledäki zäher mäzleriniň ýokdugyna göz ýetirdiler. Emma bu mäzleriň deregine toksin bölüp çykarmaga gatnaşýan adaty bolmadyk kiçijik myşsalar tapyldy. Üstesine, möýleriň gyýaklarynda haýsydyr bir maddany girizmek üçin zerur deşikleriň ýokdugy ýüze çykaryldy.
Derňew zäherli beloklaryň möýüň içegesiniň ortaky böleginde sintez edilýändigini görkezdi. Toksiniň düzümi möýleriň beýleki görnüşleriniňkiden tapawutly bolsa-da, drozofillere garşy täsirli boldy.
Örümçi möýler öň zäher mäzleriniň ýoklugy sebäpli zyýansyz hasaplanýardy. Täze barlag, pidalaryny zyýansyzlandyrmagyň alternatiw mehanizminiň bardygyny subut edip, bu pikiri puja çykardy.
Alymlar bu açyşyň möýleriň we olaryň zäherleriniň ewolýusiýasyny mundan beýläk-de öwrenmäge kömek edip biljekdigini bellediler.


şu gün 10:53
899

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....