ABŞ-da nerw ulgamy bilen baglanyşygy dikeltmäge ukyply diş implanty döredildi

  • 20.06.2025 18:04
  • 2.2k+

Tafts uniwersitetiniň Stomatologiýa we lukmançylyk mekdebiniň alymlary diňe bir ýitirilen dişleriň ornuny tutman, eýsem sensor duýgurlygy dikeldýän diş implantynyň täze görnüşini döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar.

Adaty protezlerden tapawutlylykda, innowasiýa implanty ýumşak dokumalar bilen täsirleşýär we nerw ulgamyna birigýär. Ol özünde sütün öýjüklerini we nerw dokumasynyň ösmegine itergi berýän belogy saklaýan biologiki taýdan dargap bilýän gatlak bilen örtülendir.
Adatça, dişler nerw uçlaryna baý ýumşak dokumalar arkaly äňe birikýär. Adaty implantlar duýgurlygy geçirmeýär, olaryň oturdylmagy bolsa nerwlere zeper ýetirip biler diýip, taslamanyň baş awtory professor Jeýk Jinkun Çen düşündirýär.
Täze implant süňküň içine däl-de, ýumşak dokumalara ornaşdyrylýar. Onuň nanofibril örtügi kem-kemden dargaýar we implant giňelip, dişiň etinde ornaşýar. Bu amalyň şikesini azaldýar. Netijede, implant bilen süňküň arasyndaky boşluk saklanýar, bu ýumşak dokumalaryň hasabyna orun tutýandygynyň alamaty.
Gemrijilerde geçirilen synaglar oturdylandan alty hepde soň, implantyň adaty diş ýaly işläp başlaýandygyny görkezdi. Indiki ädim beýniniň işjeňligini öwrenmek, soňra has iri haýwanlarda we adamlarda synag ediler.
Bu işläp taýýarlama bedeniň bir bölegine öwrülýän we ýitirilen funksiýalary dikeldýän implantlary döretmek mümkinçiligini has ýakynlaşdyrýar.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......