Tesla elektrokar önümçiligini togtadar: satylmadyk ulaglary ýerleşdirmäge ýer galmady

  • 20.06.2025 18:37
  • 8.9k+

30-njy iýundan Tesla Tehasdaky zawodynda elektromobil önümçiligini bir hepdelik togtadar. Bu islegiň pese gaçmagy we satylmadyk awtomobilleriň uly möçberde üýşmegi bilen baglanyşykly boldy. Öndürilen, ýöne satylmadyk ulaglary saklamak üçin bolsa goşmaça parklary kärendesine almaly diýip, Electrec ýazýar.

Önümçilik 2025-nji ýylda anna gününe gabat gelýän 4-nji iýuldaky ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününiň bellenilýän wagty togtadylýar. Işgärler bir hepde tölegli iş rugsadyny alyp bilýär. Dynç almak islemeýänler bolsa tehniki hyzmat, arassaçylyk işleri bilen meşgullanyp ýa-da okuw sapagyny geçip biler.
Gürrüň Model Y we Cybertruck modellerini ýygnaýan Ostindäki zawod barada gidýär. Ozal maý aýynda Cybertruck-yň önümçiligi togtadylyp, işgärler öýlerine goýberilipdi.
Model we Cybertruck ýanwar aýynda täzelendi we flagman modeller hökmünde hödürlendi. Ýöne 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde satuw geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13% azaldy. Hususan-da, Cybertruck elektrik pikaplary gowşak satylýar.
Ostindäki zawod ýylda 250 000 Cybertruck çykarmak üçin 3 mln dollara guruldy. Ýöne ilkinji doly ýylda 40 000-den az, 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli bolsa 50 000-den az ulag satyldy. Maýa goýumlaryň harajaty ödeýjiligi şübhe döredýär, çünki zawoddaky enjamlar beýleki modeller üçin gabat gelmeýär.
Tesla-nyň imiji Ilon Maskyň syýasy işjeňligi sebäpli zyýan çekdi. Ol müşderileriň bir bölegini brendden daşlaşdyrdy.
Häzirki wagtda Tesla Ostinde öz sürüjisiz robotaksilerini işe girizmäge taýýarlanýar. Birnäçe ýyl mundan ozal anons edilen hyzmatyň işe girizilmegi 22-nji iýuna meýilleşdirilýär. 


şu gün 18:36
772

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 17:04
1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......