Apple kompaniýasy iPhone 15 Pro-ny “Formula-1” baradaky filmi düşürmek üçin gurala öwürdi

  • 20.06.2025 17:40
  • 2.9k+

Apple baş keşpde Bred Pitt bilen “Formula-1” baradaky filmi düşürmek üçin iPhone 15 Pro-nyň esasynda ýörite kamera döretdi. Gurluş gönüden-göni ýaryş ulagyna berkitmek üçin F1-iň adaty ýaýlym kameralaryna meňzeýän korpusa ýerleşdirildi.

Režissýory Jozef Kosinski (“Top Gan: Mewerik”) bolan filme adaty kameralara başartmaýan kabinadan alnan ýokary hilli kadrlar gerekdi. Adaty gurluşlar kino önümçiligi üçin zerur hili we çeýeligi üpjün etmeýär.
Apple-iň moduly iPhone 15 Pro-nyň 48 Mp esasy datçigine we A17 Pro çibine esaslanýar. Şeýle-de, ol iPhone akkumulýatoryny, gündiziň ýagtysynda ekspozisiýany dolandyrmak üçin ND süzgüjini öz içine aldy we ProRes Log formatynda ýazgy eden iOS-yň ýörite wersiýasynda işledi. Bu mundan beýläkki reňk sazlamalaryny geçirmäge we professional kameralarda düşürilen materiallar bilen birleşdirmäge mümkinçilik berdi.
Gurluş F1-iň talaplaryna laýyk geldi: onda simsiz modullar ýokdy we USB-C arkaly iPad-e birikdirildi. Ýörite programmanyň üsti bilen hakyky wagtda kadr ýygylygyny, ekspozisiýany, ak reňk deňagramlylygyny we beýlekileri dolandyrmak mümkin boldy.
Modul 2023-2024-nji ýyllarda geçirilen hakyky ýaryşlarda synaldy we wibrasiýa, yssy howa we urgulara çydamlylygy görkezdi. Şeýle-de, iPhone 15 Pro-da peýda bolan käbir funksiýalar (mysal üçin, Log režimi we ACES standarty boýunça reňk sazlamasynyň goldawy) hut bu taslamanyň netijesi boldy.
Filmiň galan sahnalary Arri kamerasyna düşürildi, ýöne hut iPhone-a esaslanan modul göni bolidiň kabinasyndan täsirli kadrlary almaga mümkinçilik berdi.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......