Alymlar Ýeriň 2700 km çuňlugynda nämeleriň bolup geçýändigini anykladylar

  • 20.06.2025 10:10
  • 8.1k+

Alymlar Ýeriň mantiýasy bilen ýadrosynyň araçäginde ýerleşýän, D" gatlagy diýlip atlandyrylýan syrly sebitiň nämedigini düşündirdiler. Bu gatlak, takmynan, 2700 km çuňlukda ýerleşýär. Şol ýerde ýertitremelerden döreýän seýsmiki tolkunlar garaşylmadyk ýagdaýda tizlenip başlaýar. Şweýsariýanyň Sýurih ýokary tehniki mekdebiniň (ETH Zurich) professory Motohiko Murakaminiň ýolbaşçylygyndaky ylmy toparyň geçiren gözlegleri, bu gatlagyň içinde ýerleşýän gaty dag jynslarynyň ýokary basyş we temperatura sebäpli, gaty massa ýaly akýandygyny görkezdi.

Heniz 2004-nji ýylda Murakami aşaky mantiýanyň esasy mineraly bolan perowskitiň D" gatlagynyň şertlerinde post-perowskite öwrülýändigini anyklapdy. Bu üýtgeşme seýsmiki tolkunlaryň özüni alyp barşyna bölekleýin düşündiriş berýärdi. Emma 2007-nji ýylda alymlar diňe bir mineralyň görnüşiniň üýtgemeginiň tolkunlaryň tizlenmegine doly sebäp bolup bilmeýändigini anykladylar.
«SciTechDaily» neşirinde çap edilen täze gözlegde alymlar kompýuter modelirlemesini ulanyp, post-perowskit kristallarynyň bir hatar boýunça düzülýändigini, netijede mineralyň berkliginiň üýtgeýändigini ýüze çykardylar. Bu ýagdaý bolsa, hut D" gatlagynda bolşy ýaly, seýsmiki tolkunlaryň tizlenmegine sebäp bolýar. Murakaminiň topary bu täsiri laboratoriýa şertlerinde gaýtalap, öňe sürlen gipotezany tassykladylar.
Alymlar kristallaryň ýerleşişini Ýeriň mantiýasy bilen ýadrosynyň araçägindäki gaty jynslaryň gorizontal (kese) akymy bilen düşündirýärler. Konweksiýany ýatladýan hereket mantiýanyň dinamikasy baradaky teoriýany hem tassyklaýar.
Bu açyş planetamyzyň içki gurluşynda bolup geçýän proseslere has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Gözlegçiler täze maglumatlaryň wulkanlaryň işjeňligine, tektonik plitalaryň hereketine we Ýeriň magnit meýdanynyň emele gelmegine täsir edýän çuňlukdaky akymlaryň kartasyny düzmäge kömek etmegine umyt bildirýärler.


şu gün 10:53
899

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....