Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar

  • 20.06.2025 10:47
  • 3.9k+

Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ulgamynda (NHS) fokusirlenen ultrasesiň (HIFU) kömegi bilen bagyr çişlerini bejermegiň täze usuly resmi taýdan tassyklandy. Bu tehnologiýa çişleri hirurgiýanyň, himioterapiýanyň ýa-da şöhläniň gatyşygy bolmazdan, ultrases tolkunlary bilen ýok etmäge mümkinçilik berýär diýip, Medscape  neşiri ýazýar.

Hassalar eýýäm şu tomus bejergä elýeterli bolup biler.
HIFU göni çişe täsir edip, onuň içinde temperaturanyň ýokarlanmagyna we netijede sagdyn öýjüklere zyýan ýetirmezden çiş dokumalarynyň ýok edilmegine getirýär. Ozal bu usul ýatgynyň we peşew mäziniň howpsuz çişlerini bejermekde netije görkezdi, indi ol bagryň düwnük keselini bejermekde ulanylýar. Kliniki synaglar tehnologiýanyň howpsuzlygyny we netijeliligini tassyklady.
Usulyň esasy artykmaçlygy dikeldiş döwrüniň bolmazlygydyr – hassalar proseduradan bir gün soň adaty durmuşa dolanyp biler. Bu operasiýa gadagan edilýän garry we gowşak hassalar üçin aýratyn wajypdyr.
Terapiýa rak öýjükleri tutuş bedene ýaýrap ýetişmedik bagyr çişi bolan hassalar üçin ulanylar. HIFU-nyň ornaşdyrylmagy tehnologiki öňegidişlik diýlip atlandyrylýar, çünki geljekde bu usul howply emele gelmeleriň köp görnüşlerini bejermekde inwaziw usullaryň ornuny çalşyp biler.


20.06.2026 12:08
6.8k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......