Huawei 2025-nji ýylyň I çärýeginde smart-sagatlaryň we fitnes bilezikleriniň bazarynda öňdebaryjy boldy

  • 17.06.2025 14:21
  • 2.3k+

IDC analitiki agentliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde dakylýan gurluşlaryň (akylly sagatlar we fitnes bilezikleri) dünýä bazary 10,5% ösüp, 45,57 mln birlige ýetdi.

Iň uly ösüş Hytaýda hasaba alyndy, bu ýerde döwlet goldawynyň netijesinde üpjünçilik 37,6% ýokarlandy. Şeýle-de, ösüş Günbatar Ýewropada, ABŞ-da, Latyn Amerikasynda we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde hasaba alyndy.
Bazaryň öňdebaryjysy Huawei kompaniýasy boldy. Täze Huawei Band 10 fitnes bileziginiň çykmagy sebäpli, onuň üpjünçiligi ep-esli ýokarlandy.

“Apple Hytaýdaky ýeňillikleriň we ABŞ-daky işjeň satyn alyşlaryň netijesinde soňky 23 ýylda üpjünçiligiň iň ýokary ýyllyk ösüşini görkezdi” – diýip, IDC-niň analitikleri belledi.

Samsung, tersine, hytaý brendleri tarapyndan bäsdeşligiň güýçlenmegi sebäpli üpjünçilik möçberiniň birneme azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Garmin kompaniýasy hususy sport sagatlarynyň hataryny giňeltmek arkaly öz ornuny berkitdi.
2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça, dakylýan gurluşlaryň dünýä bazarynda öndürijileriň ilkinji bäşligi:

  • ·Huawei – 21,9%
  • ·Xiaomi – 19%
  • ·Apple – 15,5%
  • ·Samsung – 7,5%
  • ·Garmin – 4,7%.

12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......