Türkmenistan Ýakyn Gündogarda emele gelen dartgynly ýagdaý bilen baglanyşykly aladalanmasyny bildirýär - DIM

  • 14.06.2025 10:03
  • 10k+

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň çäginde ýerleşýän ilatly nokatlara we desgalara raketa zarbalaryny amala aşyrmagy bilen baglylykda, resmi beýanat bilen çykyş etdi.

Beýanatda Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda emele gelen dartgynly ýagdaý bilen baglanyşykly aladalanma bildirýändigi nygtalýar.

"Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan syýasy we beýleki meseleleri güýç bilen ýa-da güýji ulanmak haýbaty bilen çözmek usulyny kabul etmeýär" diýlip, resminamada aýdylýar.

Türkmenistanyň DIM-i ähli kynçylykly ýagdaýlary diňe parahatçylykly ýollar bilen, BMG-niň Tertibnamasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanyp çözmegiň zerurdygyny belleýär.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....