«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasyny öň görlüp-eşidilmedik jikme-jiklikde görkezdi

  • 13.06.2025 10:53
  • 8.6k+

«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasynyň häzire çenli düşürilen iň jikme-jik suratlaryny aldy we ilkinji gezek, takmynan, 20 kilometrlik inçe magnit zolaklaryny görkezmegi başardy.

Bu zolaklar Günüň granullarynyň – konweksion öýjükleriň diwarlary boýunça uzalyp gidýär. Bu ýerlerde gyzgyn plazma Günüň içinden ýüzüne çykýar. Zolaklar magnit meýdanlarynyň dinamikasyny görkezýär. Ýagtylyk olaryň içinden geçende, ýalpyldap, ýagty we garaňky ýerleri döredýär. Garaňky zolaklar pes magnit meýdanlaryny, ýagtylary bolsa güýçlülerini görkezýär.
Bu derejedäki takyklygy dünýädäki iň uly spektropolýarimetr bolan Visible Tunable Filter (VTF) üpjün etdi. Bu enjam dürli tolkun uzynlyklarynda şekilleri ýazga alýar we ýagtylygyň polýarlygy boýunça maglumat toplaýar. Bu bolsa alymlara Günüň atmosferasyndaky magnit meýdanlarynyň, plazmanyň we beýleki elementleriň gurluşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Täze düşürilen suratlar Günde bolup geçýän proseslere, şol sanda onuň magnit işjeňligine we kosmos howasyna ýetirýän täsirlerine has gowy düşünmäge ýol açýar.
Dünýädäki iň güýçli Gün teleskoby bolan «Deniel K. Inoue» teleskoby (Daniel K. Inouye Solar Telescope, DKIST) onuň maliýeleşdirilmegine we gurulmagyna goşan uly goşantlary üçin, Gawaý ştatynyň senatory Deniel Ken Inoueniň hormatyna atlandyrylypdyr.


düýn 10:51
805

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

04.06.2026 19:55
5.9k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......