Türkiýede patyşa Midas bilen baglanyşykly 2800 ýyllyk mazar tapyldy

  • 13.06.2025 10:27
  • 9k+

Ankaranyň günorta-günbatarynda ýerleşýän gadymy Gordion şäherinde arheologlar, takmynan, 2800 ýyl mundan ozalky döwre degişli mazar tapdylar. Hünärmenleriň pikirine görä, bu mazar ady rowaýata öwrülen patyşa Midasyň garyndaşlaryna degişli bolup biler diýip, Live Science ýazýar.

Midas (Gordiý) – Frigiýa patyşalygynyň iň meşhur hökümdarlarynyň biridir. Grek rowaýatlaryna görä, ol elini degren zadyny altyna öwrüpdir. Gordion bolsa, b.e. öňki 1200-nji ýyldan 675-nji ýyla çenli döwürde Frigiýanyň paýtagty bolupdyr.
Tapylan mazaryň ölçegi 3,1 metre 2,8 metr.
Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň aýtmagyna görä, mazaryň içinde seýrek duş gelýän onlarça gadymy artefaktlar, şol sanda uly gazanlar we bürünç gap-gaçlar tapylypdyr. Bular jaýlanan adamyň jemgyýetdäki ýokary derejesine şaýatlyk edýär.
Bu tapyndy Midas baradaky rowaýatlaryň taryhy esaslaryny has gowy öwrenmäge ýardam berip biler. Tapylan ähli arheologiki gymmatlyklar täzeden dikeldiş (restawrasiýa) üçin ugradyldy. Daş tabydy ýylyň ahyryna çenli Gordion muzeýinde köpçülige görkezmek meýilleşdirilýär.
Gordionda gazuw-agtaryş işleri 75 ýyldan bäri dowam edýär, emma işleriň tamamlanmagyna entek uzak ýol bar.

«Gazuw-agtaryş geçirilmedik ýerleriň meýdany, gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerden has uly» — diýip, taslamanyň bilelikdäki ýolbaşçysy Ýüjel Şenýurt belläp geçdi.


şu gün 10:10
2.4k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....