Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

  • 12.06.2025 12:07
  • 6.1k+

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­ny yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de ga­za­nan uly üs­tün­lik­le­ri­ bi­len gut­la­dy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bi­lim we ylym ul­gam­la­ryn­da ut­ga­şyk­ly alyp bar­ýan düýp­li öz­gert­me­le­ri­ň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň aka­de­mi­ki yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ryn­da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de, yl­my-teh­no­lo­gik, yl­my-kli­ni­ki hem-de yl­my-tas­la­ma mer­kez­le­rin­de, tej­ri­be-önüm­çi­lik bar­lag­ha­na­la­ryn­da, pu­da­ga­ra we pu­dak­la­ýyn yl­my gu­ra­ma­lar­da yl­ma we dö­re­di­ji­li­ge hö­wes­li ýaş­la­ry­ň tä­ze nes­li ke­ma­la gel­di.

"Biz ýaş alym­la­ry­my­zyň yl­my açyş­la­ry­ny, in­no­wa­sion tej­ri­be­le­ri­ni, yl­my-in­že­ner­çi­lik pi­kir­le­ri­ni, se­na­gat-in­no­wa­sion, mag­lu­mat-teh­no­lo­gik yl­my bar­lag­la­ry­ny döw­le­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, aý­ra­tyn-da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň san­ly dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek­de örän mö­hüm ha­sap ed­ýä­ris. Ýaş alym­la­ryň, hü­när­men­le­riň we ta­lyp­la­ryň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri öz­leş­dir­mek­le­ri, ne­ti­je­li yl­my iş­le­ri alyp bar­mak­la­ry, oý­lap ta­py­jy­lyk­ly ugur­la­ra aý­ra­tyn üns ber­mek­le­ri hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri üçin Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky ins­ti­tut­lar­da, Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­kyn­da, pu­dak­la­ýyn yl­my-bar­lag eda­ra­la­ryn­da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris. Ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň çä­gin­de hü­när­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­le­ri hem-de öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ry üçin ýaş­la­ry­my­zy da­şa­ry ýurt­la­ryň ab­raý­ly ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­na dö­re­di­ji­lik sa­par­la­ry­na yzy­gi­der­li iber­ýä­ris" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly ösü­şiniň, köp ba­bat­da, çuň­ňur ylym­ly-bi­lim­li ýaş­la­ry­my­za hem-de ola­ryň alyp bar­ýan ne­ti­je­li iş­le­ri­ne bag­ly­dygyny belleýär.

"Aý­dyň mak­sat­la­ry we me­ýil­na­ma­la­ry öz­le­ri­ne ýö­rel­ge edi­nen ýaş alym­la­ryň yl­myň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça ga­zan­ýan dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri, tä­ze yl­my açyş­la­ry döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Bu ugur­da yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň ýa­nyn­da­ky Ýaş alym­lar mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan se­na­gat-in­no­wa­sion, mag­lu­mat-teh­no­lo­gik bar­lag­la­ryň, şeý­le hem ýaş alym­la­ryň, in­že­ner­le­riň, teh­no­log­la­ryň we hü­när­men­le­riň yl­my açyş­la­ry­nyň ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne de­giş­li mö­hüm äh­mi­ýet­li we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän­di­gi­ne biz aý­ra­tyn buý­san­ýa­rys" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Serdar Berdimuhamedow ýaş alym­la­ry­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­riniň döw­le­ti­mi­ziň ab­ra­ýy­dygyny, äh­li hal­ky­my­zyň buý­san­jy­dygyny belläp, döw­le­ti­miziň ýaş alym­la­ry yl­my işe hem-de hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk gel­ýän tä­ze yl­my ugur­la­ry öz­leş­dir­mä­ge giň­den çek­mek üçin mun­dan beý­läk hem äh­li ta­gal­la­la­ry etjekdigini belledi.


şu gün 17:37
564

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......