78 ýaşly täze zelandiýaly adam 31 minutlap plankada durup, rekord goýdy

  • 11.06.2025 22:38
  • 9.5k+

Täze Zelandiýadan Meýnard Uilýams 78 ýyl 135 gün ýaşynda plankada 30 minutdan gowrak wagt saklanyp, täze rekord goýdy. Ol bu maşky ýerine ýetiren iň garry erkek adam boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Uilýams köpden bäri işjeň durmuş ýörelgesine eýerip, uzak aralyklara ylgaýan bolsa-da, planka bilen bir ýyl ozal meşgullanyp başlady. Bu fitnes-merkezindäki sport bäsleşigine gatnaşandan soň bolup geçdi. Şondan bäri bu maşky yzygiderli türgenleşigine goşdy.

“Uzak aralyklara ylgawçy hökmünde men psihiki we fiziki kynçylyklara öwrenişdim. Bu psihologiki durnuklylygyň bähbidine işläp, biziň hakyky mümkinçiliklerimizi görkezýär, ol bolsa köpleriň pikir edişinden has uludyr” – diýip, Uilýams belledi.

Ol ylymda iş tejribesiniň bardygyny we türgenleşiklere guramaçylykly hem meýilnama boýunça çemeleşýändigini belledi. Uilýams iýmitine, uky režimine seredýär we aşa agram düşmezligi üçin akylly sagatlaryň maglumatlaryny seljerýär.
Ol rekorda taýýarlananda aýnalaryň we wideo ýazgylarynyň kömegi bilen ýerine ýetiriş tehnikasyna gözegçilik etdi. Maşky ýerine ýetiren wagty bolsa, oňaýsyzlykdan ünsüni sowmak üçin aýdym diňledi. 


08.06.2026 18:02
4.8k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......