Bütindünýä banky garyplygyň çägini günde 3 dollara çenli ýokarlandyrdy

  • 11.06.2025 16:03
  • 6.4k+

Bütindünýä banky halkara garyplyk çäginiň adam başyna günde 2,15 dollardan 3 dollara çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdi. Bu barada guramanyň habarynda aýdylýar.

Geçenki çäk 2017-nji ýylda ýurtlaryň satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (purchasing power parity, PPP) baradaky maglumatlaryň esasynda hasaplanypdy. PPP dürli ýurtlarda ýaşaýyş bahasyny deňeşdirmäge mümkinçilik berýär: ýerli bahalary göz öňünde tutup, dürli ýurtlarda şol bir pul mukdaryna näçe haryt we hyzmat satyn alyp bolýar. Şeýlelikde, PPP dürli ýurtlarda garyplygyň derejesine has takyk baha bermek üçin walýutalary deňeşdirip boljak bir umumy birlige geçirmäge mümkinçilik berýär.  
Indi günde 3 dollardan az mukdara ýaşaýan islendik adam aşa garyplykdaky adam diýlip hasaplanar.
Halkara garyplyk çägi dünýä bahalarynyň üýtgemegini göz öňünde tutumak üçin yzygiderli täzelenýär. Soňky gezek oňa 2022-nji ýylda seredildi, şonda baha derejesi 2011-nji ýyldaky PPP-den 2017-nji ýyldaky PPP-e üýtgedildi. Şol wagt aşa garyplyk şertlerinde 838 mln töweregi adam ýaşaýardy. 


düýn 11:05
3.8k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......