Xiaomi 11 dýuýmlyk ekrany bolan iň amatly Redmi Pad 2 planşetini hödürledi

  • 11.06.2025 12:19
  • 1.7k+

Xiaomi kompaniýasy Redmi Pad 2 planşetini resmi taýdan dünýä bazaryna hödürledi. Bu model brendiň 2025-nji ýyldaky iň elýeterli planşeti bolup durýar diýip, «GSM Arena» habar berýär.

Enjam 2560 x 1600 piksel durulygy, 90 Gs täzeleniş ýygylygy we 360 Gs sensor duýgurlygy bolan 11 dýuýmlyk IPS ekran bilen enjamlaşdyrylan. Enjamyň displeýi yrgyldylaryň we gök yşygyň göze ýetirýän täsirinden goraýandygy üçin, TÜV tarapyndan sertifikatlaşdyrylan. Ol Redmi Smart Pen stilusyny goldaýar.
Planşet 8 ýadroly MediaTek Helio G100-Ultra (6 nm) prosessorynda işleýär, bu prosessor AnTuTu synaglarynda 400 müňden gowrak bal alan. Iň ýokary konfigurasiýasy 8 GB LPDDR4X operatiw ýat we 256 GB UFS 2.2 hemişelik ýat bilen üpjün edilen. MicroSD kartasy arkaly ýady 2 TB-a çenli artdyryp bolýar.

Täze enjam 9000 mA·sag sygymly batareýa bilen enjamlaşdyrylýar, şeýlelikde 19 sagat wideo tomaşa edip, 22 sagada çenli mazmun okap bolýar. 18 Wt tiz zarýad berşi goldaýar.
Korpusy alýuminden, gapdal çarçuwasy we düwmeleri plastmassadan ýasalan. Enjam dört sany stereodinamika bilen üpjün edilen, olar Dolby Atmos tehnologiýasyny goldaýar. Şeýle hem USB-C porty, 3.5 mm gulaklyk girişi we SIM karta üçin slot bar.
Beýleki aýratynlyklary:

  • Kameralar: esasy kamera (8 MP, 1/4", f/2.0, HDR, 1080p wideo 30 kadr/sekuntda), öňdäki kamera (5 MP, 1/5", f/2.2);
  • Aragatnaşyk: 2G, 3G, 4G, Wi-Fi 5, Bluetooth 5.3;
  • Korpus: 254,58 x 166,04 x 7,36 mm, agramy 519 gram, IPv6 goragy;
  • Operasion ulgam: HyperOS 2.

Bahasy:

  • ·4/128 GB – takmynan, 167 dollar
  • ·8/256 GB – takmynan, 195 dollar

Planşet çal we ýaşyl reňklerde elýeterli. Hindistanda we Gazagystanda satuwyna eýýäm başlandy.



22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...