TurkmenTextile Expo-2025 dünýä modasynyň meşhur wekillerini jemlär

  • 11.06.2025 11:58
  • 5k+

Şu gün, 11-nji iýunda Aşgabatda «TurkmenTextile Expo-2025» atly ilkinji halkara dokma we moda sergisi öz işine başlaýar. Onda Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan, Niderlandlardan, Gazagystandan, Hindistandan we Özbegistandan öňdebaryjy dizaýnerler öz egin-eşik toplumlaryny tanyşdyrarlar. Guramaçylar hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Expo» kompaniýasy çykyş edýär.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Mad Mood Milano Fashion Week» moda hepdeliginiň prezidenti Marianna Miçeli (Italiýa), londonly kutýurýe Omar Mansur, «ASEAN Fashion Designers Showcase» sergisiniň esaslandyryjysy Haýden Ng (Singapur), «Miss Pearl Couture» golland brendi, şeýle hem Merkezi Aziýa modasynyň wekilleri – Aýdarhan Kaliýew (Gazagystan), «ANKITA CHAUDHRY SAAJ BY ANKITA» hindi brendi, «MARGILAN SILK VATS» kompaniýasyndan özbek hünärmenler Ýuldaşew Pulatžon we Aziz Murtazaýew bar.
Çäräniň maksatnamasy halkara moda görkezilişlerini, dizaýnerleriň arasynda tejribe alyşmak boýunça maslahatlary we dokma pudagynda innowasion tehnologiýalaryň sergisini öz içine alýar. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, sergi Gündogar däpleri bilen Günbataryň moda ýörelgeleriniň arasynda köpri bolar.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......