Hytaýda asyrlarboýy zenanlaryň höküm süren gadymy jemgyýetiniň yzlary tapyldy

  • 10.06.2025 21:53
  • 3.4k+

Hytaýdan we Beýik Britaniýadan ylmy gözlegçileriň topary neolit eýýamynda Hytaýyň gündogarynda matriarhal jemgyýetiň hereket edendigine subutnama tapdy. Onuň yzlary Hytaýyň häzirki Şandun welaýatynyň çäklerinde tapyldy diýlip, Nature žurnalynda aýdylýar. Bu açyş barada The Star neşiri habar berdi.

Alymlar Fujia sebitindäki iki aramgähde tapylan 60 adamyň galyndylarynyň DNT-sini, arheologiki maglumatlaryny seljermegiň we izotop barlagyň esasynda netije çykardy. Bu aramgähler b.e.öňki 2750-nji we 2500-nji ýyllar aralygyna degişli diýlip hasap edilýär.
Ylmy gözleg bu neolit jemgyýetinde ene ugry ulgamynyň hereket edendigini görkezdi. Nika bellibir toparyň içinde baglaşylypdyr, ilat ekarançylyk bilen meşgullanypdyr, jaýlama bolsa ene ugry boýunça gurnalypdyr. Alymlaryň belleýşi ýaly, ýüze çykarylan maglumatlar sosial jebisligiň we gurluşyň ösendigini delillendirýär.
Ozal ilkinji matriarhal jemgyýetler Ýewropada demir asyrynda ýüze çykypdyr diýlip çak edilýärdi. Täze açyş bu pikiri ret edýär.
“Matriarhat” adalgasy “ene” we “agalyk etmek” grek sözlerinden gelip çykyp, zenanlaryň öňdebaryjy orny eýeleýän jemgyýetçilik gurluşyny aňladýar. Ol 1861-nji ýylda şweýsariýaly etnograf Iogann Ýakob Bahofeniň “Ene hukugy” kitaby çykandan soň giňden ýaýrap başlady. Bu kitapda ilkinji gezek gadymy matriarhatyň hereket edendigi barada ylmy çaklama öňe sürüldi.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....