Alymlar dagynyk skleroz bilen içegäniň mikroflorasynyň arasynda baglanyşygyň bolup biljekdigini öňe sürýärler

  • 10.06.2025 14:08
  • 2.1k+

Mýunheniň Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň alymlary dagynyk sklerozy döredip biläýjek sebäbi ýüze çykardylar. Barlag içege bakteriýalarynyň bu agyr awtoimmun keseliniň ösmegine itergi berip biljekdigini görkezdi. Barlag PNAS žurnalynda çap edildi.

Lachnospiraceae maşgalasyndan bolan iki mikroorganizm - Lachnoclostridium sp. we  Eisenbergiella tayi hünärmenleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň nerw süýümlerine immun hüjümini öjükdirip biljekdigi güman edilýär.
Gipotezany barlamak üçin alymlar içege mikroflorasynyň düzümini birmeňzeş ekizlerde deňeşdirdiler, birinde dagynyk ünsli skleroz bar, beýlekisinde bolsa ýok. Soňra nusgalardan alnan mikrobiomy öz mikroflorasyndan mahrum edilen laboratoriýa syçanlaryna göçürdiler. Kesel donorlaryndan bakteriýalary alan haýwanlarda keseliň alamatlary has ýygy-ýygydan ýüze çykdy.
Mundan ozal hünärmenler sklerozyň ösüşini genetika, D witamininiň ýetmezçiligi, çilim çekmek we wirus ýokançlyklary bilen baglanyşdyrýardylar. Indi bu faktorlara içege mikrobiomy hem goşuldy.
Awtorlar gönüden-göni sebäp-netije gatnaşygy barada takyk bir zat aýtmaga entek irdigini bellediler. Şeýle-de bolsa, olaryň açyşy keseliň mehanizmlerine düşünmekde möhüm ädimdir hem-de kesel kesgidini goýmakda we öňüni alyş işlerini geçirmekde täze usullara ýüzlenilmegine sebäp bolup biler.


şu gün 08:10
4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.1k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......