Ýapon alymlary duzly suwda ereýän plastik döretdiler

  • 10.06.2025 13:43
  • 2.6k+

RIKEN Täze materiallary öwreniş merkezinden we Tokio uniwersitetinden hünärmenler diňe bir sagadyň dowamynda duzly suwda ereýän plastik işläp taýýarladylar. Düzüminde duz bolan toprakda bolsa, plastik ululygyna görä, takmynan, 200 sagadyň dowamynda dargaýar diýip, «Techspot» habar berýär.

Bu materialyň berkligi adaty nebit esasly plastiklerden pes däl, ýöne duz bilen täsirleşende esasy düzüm böleklerine çenli dargap başlaýar. Bu komponentler bolsa, tebigy bakteriýalar tarapyndan gaýtadan işlenýär we netijede mikroplastik ýa-da nanoplastik döremeýär.
Häzirki wagtda bar bolan biodargamaga ukyply plastikler dolulygyna dargamaýar, şeýle-de bu proses gaty haýal bolup geçýär. Ýapon alymlarynyň işläp düzen täze materialy bolsa, ekologik taýdan has amatly alternatiwa bolup biler – ol zäherli däl, kömürturşy gazyny bölüp çykarmaýar, ýangyna garşy durnukly we ýörite örtük bilen örtülenden soň adaty plastik ýaly ulanyp bolýar.
Häzirki wagtda alymlar şol ýörite örtügiň ulanylyş prosesini kämilleşdirmek bilen meşgullanýarlar, bu bolsa materialyň heniz köpçülikleýin ulanyşa taýýar däldigini aňladýar.


BMG-niň maglumatlaryna görä, her ýyl dünýä ummanlaryna 23 million tonnadan 37 million tonna çenli plastik galyndy zyňylýar. Geljekki 15 ýylyň dowamynda bu hapalanma derejesi üç esse artyp biler. Doly dargaýan plastik bu meseläni düýpli çözmese-de, onuň has-da erbetleşmeginiň öňüni alyp biler.


şu gün 17:37
773

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......