Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy bardy

  • 06.06.2025 09:27
  • 11k+

Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtlardan Mekgä gelen zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi. Bu barada Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň resmi wekili Hassan an-Nuaými habar berdi.

“Häzirki günde haj parzyny berjaý edýän 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy patyşalyga beýleki ýurtlardan geldi” – diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy. Maslahat Al Ekhbariya döwlet teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berildi.

Şeýle-de, an-Nuaými zyýaratçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ministrligiň 94 müňden gowrak işgäriniň işe çekilendigini aýtdy. Ol ministrligiň beýleki döwlet edaralary we hukuk goraýjy guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Olar gelýän adamlaryň haja gatnaşmak üçin zerur bolan ýörite ygtyýarnamasynyň bardygyny barlaýar.
Haj – her ýyl Mekgä zyýarat bolup, ony her bir musulman mümkinçiligi bar ýagdaýynda ömründe, iň bolmanda, bir gezek amal etmelidir. Hajyň geçiriljek senesi yslam Aý senenamasy boýunça kesgitlenýär. 2025-nji ýylda ol 4-nji iýundan 9-njy iýun aralygynda geçýär.


25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......