STAR1 hytaý roboty börek bişirmegi we taýajyklar bilen naharlanmagy öwrendi

  • 06.06.2025 08:43
  • 2.1k+

Robotera hytaý kompaniýasy «STAR1» atly gumanoid roboty hödürledi. Ol däp bolan naharlary bişirmegi hem-de taýajyklar bilen naharlanmagy başarýar. Kompaniýanyň «YouTube» kanalynda bu görkezmäniň wideosy ýerleşdirildi.

Robot 12 derejeli erkinligi bolan täze «XHAND1» bäş barmakly el bilen enjamlaşdyryldy. Başam we süýem barmaklarynda üç derejeli, galan barmaklaryň hersinde bolsa iki derejeli erkinlik bar. Munuň netijesinde, hereketler adam eliniň hereketlerine örän meňzeýär.
Robotyň elleri ýokary takyklykly taktil datçikler bilen üpjün edilen. Olar obýektleriň gurluşyny we temperaturasyny duýup bilýär. Hytaýyň däp bolan aşhana wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça tälim berlen «STAR1» börek ýasaýar, bugda mantou bişirýär, çakyr guýýar, hatda bulgurlary çakyşdyrýar.
«STAR1» ozal diňe fiziki ukyplaryny görkezipdi. Geçen ýyl bu robot krossowka geýip, çylşyrymly ýolda bäsleşige gatnaşypdy. Ol aýakýalaňaç bäsdeşinden geçip, tizligini 12,8 km/sag çenli ýetirdi we bu tizligi 34 minutlap saklady.
Gumanoid robotyň beýikligi 1,7 metr. Ol 55 derejeli erkinlige eýe bolup, bogunlary 400 N·m çenli torky üpjün edýär. Kompaniýa «STAR1-iň» daşky gurşawy seljermäge we oňa uýgunlaşmaga ukybynyň bardygyny aýdýar. Onuň ulgamy minutda 275 amaly ýerine ýetirip bilýär.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......