Awazada halkara tans we folklor festiwaly açyldy

  • 05.06.2025 12:03
  • 8.7k+

4-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan welaýat häkimligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin «Awaza» akwaparkyna Hökümet agzalary, halkara guramalaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar.


Forumyň açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy.

Soňra akwaparkyň sahnasynda bilelikdäki konsert geçirildi. Tomaşaçylar dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen tans toparlaryny mähirli garşy aldylar. Olaryň käbirleri ýurdumyzda geçirilen halkara medeni çärelere ençeme gezek gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlary, halk tanslaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirijiler konsertde türkmen sungatyna wekilçilik etdiler. Olaryň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy bolsa tomaşaçylarda we festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.


Halkara festiwalyň çäklerinde «Daýanç» sagaldyş we dynç-alyş merkeziniň mejlisler zalynda «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Üç günüň dowamynda döredijilik duşuşyklary we tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler. Her agşam halk döredijilik, folklor-etnografik toparlary çykyş edip, öz halkynyň milli sungatyny görkezerler.
Myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň taryhy bilen tanyşmagy we gämide gezelenç etmegi öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.
6-njy iýunda «Awaza» akwaparkynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň ýapylyş dabarasy, degişli diplomlaryň gowşurylyşy hem-de döredijilik toparlarynyň bilelikdäki jemleýji konserti bolar.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.1k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......