Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy

  • 04.06.2025 15:47
  • 4.4k+

"Gaýtadan düzülen" T öýjüklerine esaslanýan goşa immunoterapiýa beýniniň rak keseli bolan glioblastoma keselli näsaglaryň ömrüni 12 aýdan gowrak uzaltdy. Bu barada Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň (PSU) lukmançylyk mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

PSU-nyň dosenti Stiwen Bagli "Çişleriň gaýtadan döremeginiň gözümiziň alnynda ýitip gidişini görmek biziň üçin adatdan daşary bir zatdy, sebäbi immunoterapiýanyň başga hiç bir görnüşi beýle netijeleri gazanyp bilmedi. Synaglara başlamazymyzdan ozal bu näsaglaryň çişleri gaty ýokary derejede ösýärdi. Biziň bejergimiz keseliň ugruny üýtgetdi, bu ähli glioblastomalylar üçin möhümdir " – diýip, PSU-nyň dosenti Stiwen Begli mälim etdi.

Barlagçylar CAR-T immunoterapiýasyny glioblastoma garşy göreşmeklige uýgunlaşdyrdylar. Näsaglaryň T öýjükleri beýni rak öýjükleri tarapyndan işjeň öndürilýän iki sany belogy: IL13RA2 we EGFRv3 peptidlerini tanamak üçin üýtgedildi.
Bir ýyl ozal alty adamyň gatnaşmagynda geçirilen synaglaryň aralyk netijeleri çap edildi. Bularyň hemmesi çişiň ösüşiniň haýallandygyny görkezdi. Soňra synaglara esasy çişi aýrylan ýene-de 18 näsag goşuldy.
Alymlaryň maglumatlaryna görä, 1 kub.sm-dan uly çişli meýletinçileriň 62%-inde çişiň ölçegi ep-esli kiçeldi. Gatnaşanlaryň 43%-i bejergä başlanandan soň bir ýyldan gowrak ýaşady. Bejergä başlanmazdan ozal rak keseliniň işjeň ýaýraýan ýagdaýda bolandygyna garamazdan, hassalaryň biri 16 aýdan gowrak wagt bäri durnukly ýagdaýy saklaýar.
Glioblastoma beýniniň rak keseliniň iň agressiw görnüşlerinden biridir. Her ýylda bütin dünýä boýunça, takmynan, 300 müň adama şu kesel kesgidi goýulýar. Orta hasap bilen, hassalaryň köpüsi 12-18 aýyň içinde bu keselden ýogalýar, diňe 9%-i iki ýyla çenli ýaşaýar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......