Türkmenistanyň ilçisi Monakonyň Şazadasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 04.06.2025 13:30
  • 4.5k+

30-njy maýda Türkmenistanyň Monako Knýazlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Monakonyň Şazadasy Alber II-ä ynanç hatlaryny gowşurdy. Ilçi diplomatik işini Parižde oturýan ýerinden alyp barar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Monakonyň Şazadasynyň köşgünde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ilçi Şazada Alber II-ä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.
Monakonyň Şazadasy Alber II Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda ilçi Şazada Alber II-ä 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak ýokary derejeli halkara forumyna, şeýle hem şu ýylyň awgustynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) gatnaşmak üçin resmi çakylyk hatlaryny gowşurdy.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....