Ilon Mask Mars we Aý missiýalary boýunça SpaceX-iň täzelenen meýilnamalaryny mälim etdi

  • 03.06.2025 20:57
  • 7k+

Ilon Mask Starship raketalarynyň täzelenen tehniki häsiýetnamalary barada aýdyp, Mars boýunça ilkinji missiýalaryň wagty we maksady barada anyk maglumat berdi.

SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy ýylyň ahyrynda synagdan geçirilmeli Starship kosmos gämisiniň ikinji wersiýasyny görkezdi. Onuň birinji basgançagy «Super Heavy» indi 3650 tonna (häzirki wagtda 3500 tonna), ikinji basgançagy bolsa 1550 tonna (öňküsinden 50 tonna köp) ýangyç alyp biler.
Üçünji wersiýa birinji basgançakda ýangyç mukdaryny 4000 tonna çenli, ikinji basgançakda bolsa, takmynan, 1900 tonna çenli artdyrar. Raketanyň beýikligi 142 metre ýetýär, bu hem häzirki modelden 20 metr has beýikdir. Ulanylyş mümkinçiliklerine görä, raketa köp gezek ulanylyp bilinýän konfigurasiýada 200 tonna çenli, bir gezeklik görnüşde bolsa 400 tonna çenli peýdaly ýük alyp biler.
Mask «Raptor 3» hereketlendirijileriniň işlenilişinde uly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy. Olar 16 müň sekuntlyk synagdan üstünlikli geçdi we kriogen ýangyç bilen sowadylýan täze ulgam sebäpli, ýylylyk gorag örtügine mätäç däl. Bu bolsa «Starship-iň» agramyny 40 tonna çenli azaldyp, onuň ygtybarlylygyny artdyrar.
Mask SpaceX kompaniýasynyň 2026-njy ýylda Marsa bäş sany gämi ugratmagy meýilleşdirýändigini aýtdy, olaryň hersi 10 tonna ýük alyp barar. Ilkinji uçuşyň esasy maksady gonuş amallaryny synagdan geçirmek bolar. Hususan-da, bu gämiler Marsa-da, Ýere-de gonmaga ukyply ýylylyk gorag plitalary bilen enjamlaşdyrylar.
2028-2029-njy ýyllarda her biri 75 tonna ýük alyp barýan 20 gämi ugradylar. Jemi 1500 tonna ýük diňe bir «Optimus» robotlaryny (olar 2026-njy ýylyň ahyryndaky ilkinji uçuşlar bilen hem gitmeli) däl-de, eýsem adamlar üçin zerur bolan enjamlar toplumy bilen hem iberiler.
2030-2031-nji ýyllarda her biri 150 tonna peýdaly ýük alyp barýan 100 gämi (jemi 15 müň tonna) iberiler. Bu gämiler Marsda ýangyç öndürmek üçin enjamlar, «Starship-leriň» gonuş meýdançalaryny tekizlejek gurluşyk tehnikalary, ýol çekmek üçin enjamlary we beýleki zerur infrastruktura serişdelerini eltmek üçin niýetlenýär. Üçünji uçuş bilen ilkinji gezek adamlar hem Marsa barar.
Bilermenleriň pikirine görä, bu meýilnamalaryň möhletleri «şübheli» hasaplanýar: 2026-njy ýylyň ahyryna çenli bäş sany «Starship» kosmos gämisini ibermek mümkinçiligi 50%-den hem az. Sebäbi, bu uçuş üçin niýetlenen ikinji wersiýa entek doly gurlanok – onuň ilkinji basgançagy diňe birinji nusgada ýasalýar, doly görnüşdäki «Starship Block 2-niň» synaglary bolsa 2025-nji ýylyň ahyrynda başlar. Bir ýylyň dowamynda bu gämi diňe bir orbitada ýangyç guýmagy däl-de, eýsem, Ýere dolanyp gonmagy hem başarmaly bolar.
Mask şeýle hem goşmaça taslama hökmünde Aýda «Alfa bazasy» atly gözleg bekediniň gurulmagyny belläp geçdi. Bu taslama birnäçe birleşdirilen Starship gämisini öz içine alar we onlarça adamy saklamaga mümkinçilik berer. Emma bu taslama kän bir üns berilmänsoň, Aý SpaceX üçin esasy ugur däl ýaly bolup görünýär.


düýn 23:19
691

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

düýn 15:59
1.3k+

NASA-nyň Mars synagyna gatnaşyjylar üzňelikde 200 gün geçirdiler

NASA tarapyndan guralan CHAPEA maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylar, Mars ekspedisiýasynyň şertlerini gaýtalaýan toplumyň içinde doly üzňelikde 200 günden gowrak wagt geçirdiler. Bu ylmy synag jemi......

09.05.2026 07:34
1.2k+

64 döwlet Aýy özleşdirmek boýunça Artemis ylalaşygyna goşuldy

Aýy öwrenmek we özleşdirmek boýunça halkara başlangyç bolan «Artemis» taslamasyna goşulan ýurtlaryň sany 64-e ýetdi....

08.05.2026 14:18
5.3k+

Marsda Curiosity roweriniň burawynyň ujuna tötänleýin 13 kilogramlyk daş ilişip galdy

Curiosity mars roweri adatdan daşary ýagdaýa duçar boldy: nusga almak üçin burawlama işleri geçirilenden soň, bir daş bölegi buraw enjamyna ilişip galdy. Bu waka roweriň Marsda hereket edip ýörmeginiň bütin......