Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň halkyny Respublika güni bilen gutlady

  • 02.06.2025 10:27
  • 2.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Italiýanyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella we Premýer-ministr Jorja Melonä tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Italiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Italiýada Respublika güni 1946-njy ýyldan başlap, her ýylyň 2-nji iýunynda baýram edilýär. Şol gün sala-salşyklaryň netijesinde Italiýada döwlet dolandyrylyşynyň respublika görnüşi saýlanyldy.


düýn 22:17
1.6k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......