Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Mongoliýa bardy

  • düýn 08:18
  • 3.4k+

1-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Mongoliýa ugrady.

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batoryň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.
Asylly däbe görä, belent mertebeli myhmana mongol milli tagamy — gurt hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy.
Döwlet Baştutany howa menzilinden sapar mahaly özi üçin bellenilen kabulhana tarap ugrady.
Şu gün, 2-nji iýunda — saparyň ikinji gününde Ulan-Batorda ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleri geçiriler. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy giriziler.
Garaşylyşy ýaly, ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler, bu ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, häzirki zaman ýagdaýlary hem-de mümkinçilikleri hasaba almak bilen, bu hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin häsiýet berilmegine ýardam eder.


şu gün 12:31
8.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini halkara baýram bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlady. Metbugatda çap edilen...

şu gün 12:17
2.1k+

Ulan-Batorda Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde 2-nji iýunda Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi. Mongoliýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşykda...

şu gün 11:20
4.5k+

Türkmenistan we Mongoliýa 14 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi

2-nji iýunda Ulan-Batorda geçirilen döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler...

şu gün 11:09
4.6k+

Mongoliýada Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi

2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi...