Fransiýada fermer melleginden 4 mlrd dollarlyk altyn tokgalaryny tapdy

  • 25.05.2025 18:34
  • 14k+

52 ýaşly fransiýaly fermer Mişel Dýupon öz melleginden sap altyn böleklerini tapdy. Deslapky hasaplamalara görä, onuň ýerinde, takmynan, 150 tonna altyn bolup biler. "Mirror" neşiriniň habaryna görä, Tapyndynyň bahasy 3 milliard funt sterling (4 milliard dollardan gowrak) diýip hasaplandy diýip, Mirror neşiri ýazýar.

Dýupon çeşmejigiň ugry bilen ýöräp barýarka, adaty bolmadyk ýalpyldaýan bölekleri gördi. Tizara ol suwdan soňra altyn bolup çykan birnäçe metal bölegini tutup aldy.
Bu açyş eýýäm Fransiýada iň uly açyş diýlip atlandyrylýar. Emma hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, daýhan ýörite rugsat bolmasa, olary gazyp almaklyga girişip bilmez. Gazuw-agtaryş işlerine başlamak üçin ony hökümetiň makullamagy we tehniki hem-de ekologiýa ekspertiza geçirmegi gerek bolar.
Dýupontyň sözlerine görä, açyş baradaky habar ýaýrandan soň, onuň fermasynyň golaýyndaky mellek ýerlerini satyn almaga isleg bildiren adamlar tapylyp başlady. Adamlar bu sebitde gymmatly metallaryň has köp bolmagynyň mümkindigine umyt baglaýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar açyşa dürlüçe garadylar. Käbir adamlar altyn önýän ýeri işläp bejermek ýerli gurşawa zyýan ýetirip biler öýdüp gorkýarlar. Beýleki birleri bolsa, munuň tersine, täze iş orunlaryny döretmek arkaly sebite peýdaly boljakdygyna ynanýarlar.


düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......