ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary kabul etmegi gadagan etdi

  • 25.05.2025 10:51
  • 13k+

ABŞ-nyň hökümeti Garward uniwersitetine daşary ýurtly talyplary okuwa kabul etmegi gadagan etdi. Içerki howpsuzlyk ministrligi uniwersitete alyş-çalyş boýunça talyplary kabul etmäge mümkinçilik berýän maksatnama gatnaşmagyny haýal etmän ýatyrmak barada hat iberdi diýip, The New York Times ýazýar.

Indi Garward daşary ýurtlulara ABŞ-a talyp wizasyny almak üçin zerur bolan resminamalary berip bilmez. Garwardda eýýäm okaýan daşary ýurtly talyplar bolsa başga bir uniwersitete geçmeli bolar, ýogsam ýurtda bolmak hukugyny ýitirer.
Hökümet ilkinji gezek aprel aýynda Garwarda çäklendirmeler bilen haýbat atyp, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylygyndan daşary ýurtly talyplar tarapyndan “bikanun we zorlukly hereketler” barada hasabat bermegi talap etdi.
Munuň bilen birlikde Ak tam Garwarddan reformalary talap edipdi. Olaryň arasynda aktiwist mugallymlaryň täsirini azaltmak we “amerikan gymmatlyklaryna we institutlaryna duşmançylykly” talyplary kabul etmekden ýüz öwürmek bar. Ýokary okuw mekdebi bu şertleri ýerine ýetirmekden boýun gaçyrdy. Şondan soň hökümet uniwersitet üçin 2,2 mlrd dollar möçberindäki grantyny togtatdy.
Garwardyň ýolbaşçylygy hökümetiň hereketlerini bikanun diýip hasaplaýar.
Geçen okuw ýylynda Garwardda, uniwersitetiň maglumatlaryna görä, 7000 töweregi daşary ýurtly talyp bilim aldy. Bu okaýanlaryň umumy sanynyň 27%-inden gowragydyr. 


22.06.2026 14:31
5.1k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

10.01.2026 19:10
3.7k+

ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi. Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär...

02.01.2026 16:51
17k+

Türkmenistanly okuwçylara ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän «FLEX» synaglarynyň wagty we ýeri belli boldy

2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi...