Pikaçu, Naýki, Pu... Ýaponiýada anime gahrymanlarynyň stilindäki çylşyrymly atlaryň dakylmagyna garşy göreşýärler

  • 31.05.2025 17:33
  • 5.8k+

Ýaponiýa çagalaryň atlarynyň hytaý harplary - kandzi bilen ýazylan aýdylyşynyň täze düzgünlerini girizdi. Japan Today -iň habar bermegine görä, bu köplenç animeden we pop medeniýetden ylham alýan adaty bolmadyk we okamasy kyn aýdylyş usullaryny aradan aýyrmak üçin edildi.

Çäklendirmeler kirakira diýlip atlandyrylýan atlara degişlidir. Kirakira atlar - seýrek ýa-da toslama okalýan standart däl we döredijilik wariantlary. Iýeroglifleriň adaty bolmadyk görnüşde okalmagy ýa-da brendlere, multfilmleriň gahrymanlaryna we daşary ýurt sözlerine salgylanmagy gadagandyr.
Indi çaganyň ady bellige alnanda diňe umumy we resmi taýdan ykrar edilen okalyş usullaryny görkezmeli. Hökümetiň pikirine görä, bu mekdeplerde, hassahanalarda we beýleki döwlet edaralarynda bulaşyklygyň döremeginiň öňüni almaga kömek eder.
The Guardian gazetiniň habar bermegine görä, kirakira atlary meselesi Ýaponiýada 1990-njy ýyllardan bäri ara alnyp maslahatlaşylyp gelinýär. Resmi adamlar şeýle atlary düşündirişsiz okamak we aýtmak kyn diýip belleýärler. Çagalara Akuma ("şeýtan" diýip terjime edilýär), Pikaçu ("Pokemon" animesiniň gahrymanyndan ylhamlanyp), Naýki (Nike brendinden ylhamlanyp), Pu (Winni Puh) ýa-da Odzisama (şazada) atlarynyň dakylan ýagdaýlary boldy.
Şeýle hem, ýapon metbugaty Olimpiýa çempiony, Tokionyň Olimpiýa guramaçylyk komitetiniň başlygy Seýko Hasimotonyň çagalaryna dakan atlary bilen bagly mysaly  ýatlatdy. Ol Oýunlaryň geçirilen şäherleriniň hormatyna ogullaryna Girişia (Gresiýa) we Torino (Turin) diýip at dakdy.
Ýapon dilinde kandzi hiragana we katakana bilen bir hatarda ulanylýar. Şol bir ieroglifiň birnäçe okalyşy bolup biler, bu atlar bellige alnanda kynçylyk döredýär. Täze düzgünler diňe umumy kabul edilen we düşnükli fonetik wariantlary saýlamagy talap edýär.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......