Mekgede robot-ýolbelet peýda boldy: ol zyýaratçylara kömek edýär we 11 dilde gürleýär

  • 31.05.2025 11:06
  • 12k+

Hajyň öňüsyrasynda Mekgedäki Al-Haram metjidinde Manara atly gumanoid robot peýda boldy. Ol zyýaratçylary ugrukdyrmaga kömek edip, arap, iňlis, urdu, bengal we malaýýa ýaly 11 dilde soraglara jogap berýär.

2025-nji ýylda haj möwsümi 4 – 9-njy iýunda geçirilýär. Şäheriň iň uly metjidinde zyýaratçylaryň köp bolmagyna garaşylýar we şonuň üçin häkimiýetler amatlylygy we howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin tehnologiýalary öňünden ornaşdyrýar.
Manara dini gurşawy sanlaşdyrmak boýunça milli maksatnamanyň bir bölegidir. Robot däp-dessurlaryň kadalaryny düşündirýär, ybadathanada özüňi nähili alyp barmalydygyny we ybadat etmegiň ähmiýetini gürrüň berýär. Kyn sorag ýüze çykanda ol adamy wideoaragatnaşyk arkaly ruhy halypa bilen baglanyşdyrýar.
Robot sensor ekran, kameralar, mikrofon, dinamikler we nawigasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Manara dört tigirde hereket edýär we adamlaryň hereketine päsgel bermeýär. Onda 5G ulgamy ulanylýar, bu hem robota çalt jogap bermäge mümkinçilik berýär.
Manara interýer bilen utgaşar ýaly adaty nagyşlar bilen bezeldi.
Mundan başga-da, Mekgede mähellä gözegçilik etmek we hereketi düzgünleşdirmek üçin emeli aňly datçikler we kameralar gurnaldy. Şeýle-de, häkimiýetler elektron bilezikler, nawigasiýa programmalary, namaz okamagyň tertibi bilen wirtual kömekçiler ýaly sanly çözgütleri hödürleýär.
Ozal Saud Arabystanynda Sara atly başga bir robot hödürlendi. Ol ýüzi tanaýar, arap we iňlis dillerinde gürleýär, myhmanlara we ýerli ýaşaýjylara aragatnaşyk saklamaga kömek edýär.
Bu çäreleriň ählisi ýurduň tehnologiki ösüşine we ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen “Görüş 2030” strategiýasynyň bir bölegidir.


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......