“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” horror-franşizanyň iň köp girdeji gazanan bölümi boldy

  • 30.05.2025 16:57
  • 7.3k+

“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) filmi meşhur horror-franşizanyň iň girdejili bölümi boldy. Filmiň dünýädäki kassa ýygymy 189 mln dollardan geçdi. Muny BoxOfficeMojo portalynyň maglumatlary delillendirýär.

Franşizanyň altynjy bölümi 16-njy maýda dünýä prokatyna çykdy. Bu döwürde film ABŞ-da 96,9 mln dollar we daşary ýurtlarda 92,6 mln dollar ýygnady.
Bloody Disgusting-iň maglumatlaryna görä, öňki rekord 186,1 mln dollar ýygnan “Ahyrky nokat 4” (2009) filmine degişlidi. Üçünji orunda – 157,8 mln dollar bilen “Ahyrky nokat 5” (2011) ýerleşýär.
Ilkinji üç bölümiň kassa ýygymy 112,8 mln dollar (2000), 90,9 mln dollar (2003) we 118,8 mln dollar (2006) boldy.
Täze bölümiň sýužeti talyp gyz Stefaniniň töwereginde ýaýbaňlanýar. Ol ölüm zynjyryny üzüp, maşgalasyny halas edip biljek adamy tapmaga synanyşýar.
Kassa üstünliginden başga-da, “Gan baglanyşygy” tankytçylardan ýokary baha aldy. Rotten Tomatoes saýtynda film hünärmen tankytçylardan 92% we tomaşaçylardan 88% oňyn ses aldy – bu ähli bölümleriň arasynda iň gowy görkezijilerdir.
Täze bölümiň režissýorlary Zak Lipowski we Adam Steýn boldy.


düýn 22:06
370

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......