Beýik Britaniýada uçýan taksi ilkinji gezek açyk asmanda synag edildi

  • 30.05.2025 13:12
  • 8.2k+

Britaniýanyň Vertical Aerospace kompaniýasy Ýewropada açyk howa giňişliginde ilkinji gezek howa taksisiniň uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada The Daily Telegraph gazeti habar berýär.

VX4 elektrouçarynyň prototipi Angliýanyň gündogar-günbataryndaky Kotsuolds sebitiniň asmanyna göterildi. Bat almak üçin ýerli howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy ulanyldy. Uçuş uçarman Saýmon Dewisiň dolandyrmagynda geçirildi. Neşiriň maglumatlaryna görä, indiki synag dik uçuşy görkezmegi we hemişelik tizlik bilen kese uçuş režimine geçmegi göz öňünde tutýar.
Ozal Beýik Britaniýanyň ulag ministriniň orunbasary Maýk Keýn Palatanyň deputatlaryna hökümetiň 2028-nji ýyla çenli howa taksilerini ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.
Neşiriň maglumatlaryna görä, VX4-üň işlenip taýýarlanmagy millionlarça maýa goýumlar görnüşinde döwlet goldawyny aldy. Uçar dört ýolagçyny gatnatmak üçin niýetlenendir. Ol 160 km çenli uçmaga we tizligini 240 km/sag çenli artdyrmaga ukyply.
Vertical Aerospace işewür Stiwen Fispatrik tarapyndan esaslandyryldy. Şeýle-de, ol OVO Energy kompaniýasynyň esaslandyryjysy bolup, öň Manor Racing awtoýaryş toparyna-da eýeçilik etdi. 2025-nji ýylyň başynda Fispatrik firmanyň gözegçiligini Mudrick Capital maýa goýum gaznasyna berdi. Gazna maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän startapy goldamak üçin taslama 50 mln funt ($70 mln) maýa goýdy.


02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......