Hytaýda ilkinji gezek adam şekilli robotlaryň söweş çempionaty geçiriler

  • 27.05.2025 12:21
  • 5.1k+

Hytaýyň Guandun prowinsiýasynyň Şençžen şäherinde ilkinji gezek adam şekilli robotlaryň söweş çempionaty geçiriler. «EngineAI Robot Free Combat Tournament: "Mecha King"» atly ýaryş robotehnika pudagynda möhüm ädim bolup, emeli aňyň mümkinçiliklerini barlamaga we robotlaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir diýip, «Global Times» habar berýär.

Guramaçylaryň bellemegine görä, ýaryş robotlaryň fiziki mümkinçiliklerini we akyl taýdan çylşyrymly ýagdaýlara düşüniş ukyplaryny synar. Ýaryşda adam hereketlerini gaýtalamaga we ýerinde çalt çözgüt tapmaga esaslanýan täze düzgünler ulanylar.
Ýaryşa ýerli «EngineAI» kompaniýasy tarapyndan birnäçe adam şekilli robot modelleri hödürlener. Kompaniýa robotlaryň programma üpjünçiligini açyk ýagdaýda saklar, bu bolsa ýaryşa gatnaşýan toparlara öz robotlaryny sazlamaga we ösdürmäge mümkinçilik berer.
Kompaniýanyň esaslandyryjylaryndan Ýao Aýwen bu ýaryşyň maksadynyň güýçli, çeýe we akylly robotlary döretmekdigini aýtdy. Onuň pikirine görä, şeýle çäreler robotlaryň gündelik durmuşda we senagatda giňden peýdalanylmagyna ýol açar.
Ýeri gelende aýtsak, 25-nji maýda Çžeszýan prowinsiýasynyň Hançžou şäherinde adam şekilli robotlaryň gatnaşmagynda söweş sungaty boýunça halkara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda robotlar dürli göreş tilsimlerini görkezdiler. Ýaryşyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri «Unitree Robotics» kompaniýasy boldy.
Şeýle ýaryşlar Hytaýda robotehnikanyň çalt ösýändigini görkezýär. Resmi maglumatlara görä, diňe Hançžou şäherinde 200-den gowrak robotehnika kompaniýasy işleýär. 2024-nji ýylda Guandun prowinsiýasynda öndürilen senagat robotlarynyň sany 240 müňden geçip, ýyllyk 31% ösüş görkezipdir. «Xinhua» agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, Hytaýdaky her üç senagat robotynyň biri şu prowinsiýada öndürilýär.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......