Haly baýramy mynasybetli sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisi geçirildi

  • 26.05.2025 23:15
  • 9.4k+

25-nji maýda Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Esasy baýramçylyk dabaralary Türkmen halysynyň milli muzeýinde guraldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


Sergä gatnaşýan myhmanlara köp sanly haly we haly önümlerini synlamak bilen bir hatarda, milli halyçylyk sungatynyň däpleriniň gadymy kökleri, türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, şöhraty dünýä dolan türkmen halyçylyk sungatynyň köpöwüşginli ugurlary bilen tanyşmaga, halkymyzyň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary barada maglumat almaga-da mümkinçilik döredildi.


Soňra “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekillerini, ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynyň işgärlerini, dünýäniň ylmy, işewür jemgyýetçiliginiň agzalaryny, alymlary, halyşynaslary bir ýere jemlän mejlisde türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki mümkinçilikleri baradaky çykyşlar diňlenildi.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......