Netflix “Titan” batiskafynyň heläkçiligi hakdaky filmiň treýlerini görkezdi

  • 25.05.2025 18:31
  • 4.8k+

Netflix “TITAN: OceanGate Disaster” (Titan: OceanGate heläkçiligi) dokumental filminiň treýlerini çykardy. Akym hyzmatynda ilkinji görkeziliş 11-nji iýunda bolar.

Film 2023-nji ýylda Atlantik ummanynda bolup geçen betbagtçylygy derňeýär. OceanGate kompaniýasynyň bäş ýolagçyny alyp barýan “Titan” batiskafy “Titanigiň” heläkçilige uçran bolan ýerine tarap ugraýar. Üç kilometrden gowrak çuňlukda enjam tehniki näsazlyk tapyp bozulýar. Bortdakylaryň hemmesi heläk bolýar.
Filmde esasy üns OceanGate-iň baş direktory Stokton Raşda jemleýär. Ol batiskafyň  döredijilerinden biri bolup, soňky suwa çümüşlik wagtynda hem onuň içinde eken. 2021-nji ýyldan bäri onuň kompaniýasy her ýyl “Titanik” -e missiýalary guraýardy. Şeýle gezelenç üçin petegiň bahasy 250 müň dollar durýardy.
Filmde heläkçiligiň ýagdaýlary we treýlerden çen tutsaň, howpsuzlyk duýduryşlaryna ähmiýet bermedik Stokton Raşyň hereketleri öwrenilýär. Awtorlaryň aýdyşyna görä, görkeziljek film "milliarderiň psihikasyna aralaşýar" we onuň “her edip, hesip edip” ummanyň barlaglaryny halk köpçüligine elýeterli etmäge çalyşýandygyny görkezýär.
Filmde paş ediji subutnamalar, ses ýazgylary we arhiw suratlary ulanylýar. Filme dokumentalçy Mark Monro režissýorlyk etdi.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....